Aşgabatda GDA-nyň saglygy goraýyş pudagy boýunça maslahat geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň saglygy goraýyş pudagy boýunça maslahat geçiriler

Iýul aýynyň 19-20-sinde Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň Saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlyk Geňeşiniň XXIX maslahaty geçiriler. Oňa gatnaşajylar hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşarlar we öň bilelikde kabul edilen namalaryň ýerine ýetirilişini gözden geçirerler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahata gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolan süýji diabeti keseliniň öňüni almak we bejermek, inçekeseliň ýaýramagynyň garşysyna göreşmek, “GDA agza döwletleriň ilatynyň saglygy” Strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek ýaly esasy mowzuklary ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu maslahatda Geňeşiň agzalary Raýat awiasiýasyna degişli howa gämileriň uçuşlaryny lukmançylyk we sanitariýa-epidemiologik taýdan üpjün etmek baradaky Toparyň ýerine ýetiren işleriniň jemini jemlärler, GDA we Ýewraziýa döwletleriniň Onkologiýa we Rentgenoradiologiýa merkezleriniň we institutlarynyň Ýolbaşçylar birleşiginiň işini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem maslahatyň gün tertibinde ýaşlary çilime imrinmekden we temmäki tütüniniň zyýanly täsirinden goramak üçin zerur bolan çäre hökmünde, temmäkiden peýdalanyşyň monitoringini ulanmak meselesine hem ýer berildi.

Maslahatda, GDA we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) arasyndaky özara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, BSGG-niň 72-nji mejlisiniň (2018-nji ýylyň maý aýynyň 20-28-i, Jenewa) esasy jemleri-de jemlener, şeýle hem, AIW bilen ýaşaýan adamlara GDA-nyň çäklerinde deň ygtyýarly saglygy goraýyş hyzmatlaryny üpjün etmek hakyndaky meselä hem garalar.

Şu ýyl GDA Türkmenistan başlyklyk edýär. Guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmek wezipesini üstünlikli alyp barýandygyny belledi. Ol bu barada 19-njy iýunda, GDA gatnaşyjy döwletleriň hemişelik we doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi başlamazdan öň aýtdy.

Şeýle hem, Aşgabatda sentýabr aýynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçiriler. Oktýabr aýynyň 11-nde bolsa, türkmen paýtagty GDA-nyň maslahatynyň geçirilýän mekany bolar. Arkalaşyga girýän döwletleriň döwlet baştutanlarynyň maslahatyndan bir gün öň, ýagny, 10-njy oktýabrda, ol ýerde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşi geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022