Halkara pul gaznasynyň (HPG) dolandyryjy direktory Kristin Lagard wezipesinden çekildi. Bu barada gaznanyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Lagard ýerine ýetiriji geňeş bilen duşuşyp, şu ýylyň 12-nji sentýabryndan wezipeden çekilýändigini aýtdy. Onuň wezipesinden çekilmek barada ýazan arzasy şol güne çenli öz güýjünde galýar.
Gaznanyň ýerine ýetiriji geňeşi beýanat ýaýradyp, Kristin Lagarda Halkara pul gaznasynda bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem onuň ýolbaşçylyk eden döwründe HPG-niň agza ýurtlarynyň ykdysady çökgünlikden ýeňillik bilen geçendigini belledi.
Kristin Lagardyň wezipe borçlaryny HPG-niň birinji orunbasary Dawid Lipton wagtlaýyn ýerine ýetirer.
Lagardyň Ýewropanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy hökmünde dalaşgärlik etmegi onuň wezipesinden çekilmegine sebäp boldy.
Kristin Lagard HGP-e bellenen ilkinji zenan ýolbaşçydyr. Eger ol Ýewropanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy bellenen halatynda bu wezipede hem ilkinji zenan ýolbaşçy bolar.