Ýewroparlament fon der Lýaýeni makullady, Türkmen Lideri Gutlag iberdi

BT
Ýewroparlament fon der Lýaýeni makullady, Türkmen Lideri Gutlag iberdi
Ýewropa Parlamenti Ursula fon der Lýaýeniň Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine bellenmegini makullady.

Aşgabat Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegi maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny iberip, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

"Biz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de ýola goýlan köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýäris" diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.

Bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň Başlygyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, şeýle hem ýokary, jogapkärli täze wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýakynda Ýewropa Geňeşi Brýusselde geçirilen gepleşikleriň netijesinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine Germaniýanyň Goranmak ministri Ursula fon der Lýaýeni hödürläpdi.

Sişenbe güni Ýewropa Parlamenti Ursula fon der Lýaýeniň Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji häkimiýeti bolan Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine bellenmegini makullady. Ol bu wezipani eýelejek ilkinji zenan bolar.

"Maňa bildiren ynamyňyz Yewropa bildirilen ynamdyr, gündogardan günbatara, günortadan demirgazyga tarap birleşen we güýçli Ýewropa bildirilen ynamdyr" diýip, fon der Lýaýen Yewropa Parlamentinde eden çykyşynda aýtdy.

Ursula fon der Lýaýen G-20 ýaly duşuşyklarda 28 döwletden, ýarym millarddan gowrak ilatdan ybarat bolan dünýäniň iň uly we gurply bileleşigine wekilçilik eder. Onuň öňünde goýlan wezipeler dünýä liderleri bilen geçiriljek gepleşiklerde bileleşigiň bähbitlerini ilerletmegi hem öz içine alar. Beýik Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden aýrylmagyna we onuň netijelerine degişli meseleler hem onuň garamagynda bolar.

Ýedi perzendi kemala getiren Ursula fon der Lýaýen 1990-njy ýyllaryň ahyrynda syýasy zähmet ýoluna gadam basmazdan öň lukman bolup işledi. 2013-nji ýylda Germaniýanyň ilkinji zenan Goranmak ministri boldy.

Häzir 60 ýaşan Ursula fon der Lýaýen täze wezipesine noýabr aýynda girişip, bäş ýyl boýunça Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk eder. Şu ýylyň güýzünde bolsa Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň açylmagyna garaşylýar.

2022