Çarşenbe güni BMG-niň ştab-kwartirasynda türkmen tarapynyň guramagynda “Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde halkara institutlarynyň hyzmatdaşlygy: BMG-AHHG modeli” atly tematiki çäre geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetleriniň resmi wekilleri, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky düzüm birlikleriniň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň diňleýjileri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda Aral deňziniň meselesiniň çözülmeginde özarahereketleri berkitmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde Türkmenistanyň orny hem-de Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň geljekki Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) formatynyň kesgitlenilmegi boýunça öňde duran köptaraplaýyn geňeşmeleriň ähmiýeti nygtalyp geçildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasy bilen makullanylan ýokarda görkezilen geňeşmeleriň Aralýaka sebitiniň ekologiki heläkçiliginiň çözgüdi boýunça toplumlaýyn halkara guralynyň döredilmeginiň ýolunda amaly hereketlere öwrüljekdigi bellenildi.