Nýu-Ýorkda DÖM-niň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli syn görkezildi

Nýu-Ýorkda DÖM-niň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli syn görkezildi
Esasy çykyşlaryň tamamlanmagy boýunça interaktiw dialog geçirildi.

Penşenbe güni Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň barşynda milletler bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny (MMS) görkezdi.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, bu Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmagynda Nýu-Ýorkda görkezýän birinji milli synydyr. EKOSOS-yň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän ýokary derejeli mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýeti Forumyň gatnaşyjylaryny ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, DÖM-niň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýan esasy milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy.

Wideo-görkezilişi bilen utgaşdyrylan çykyşda sebit hem-de halkara derejesinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlary we teklipleri, şeýle hem içeri we daşary syýasatyň ulag, energetika we ekologiýa ýaly ileri tutulýan ugurlary wizual ýagdaýda görkezildi.

Esasy görkezilişiň jemlenmegi boýunça DÖM-nyň ýaş Ilçisi çykyş etdi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň wekili ýaş nesliň adyndan Ýokary derejeli foruma ýüzlenmegi üçin BMG tarapyndan saýlanyldy. Forumyň başlygy hem-de oňa gatnaşyjylar teswirlerinde 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýaşlaryň çekilmegi boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Esasy çykyşlaryň tamamlanmagy boýunça interaktiw dialog geçirildi, onuň barşynda BMG-niň agza-döwletleriniň wekiliýetleri Türkmenistanyň wekillerine sowallary bermäge hem-de edilen çykyşlary teswirlemäge mümkinçilik aldylar.

2022