Uçarda ortaky kürsüde oturmak çemesiz bolmaz

BT
Uçarda ortaky kürsüde oturmak çemesiz bolmaz

Üç orunlyk uçar oturgyçlarynyň ortakysy dünýäde ýolagçylar tarapyndan iň az saýlanylýan kürsi bolup durýar.

Koloradoda ýerleşýän “Molon Labe Seating” kompaniýasynyň “S1” dizaýny ortaky kürsiniň “abraýyny ýokarlandyrjaga” meňzeýär. Kompaniýa täze dizaýnynda ortada syýahat etjek ýolagçynyň birahat bolmazlygy üçin kürsini aşaklygyna we yzlygyna süýşürdi.

Şeýle hem onuň giňligini adaty kürsülerden 7-12 sm ulaltdy. Täze kürsüleriň tirsek goýulýan ýerleri üç ýolagçynyň bir-birini birahat etmezden ulanmagy göz öňünde tutulyp dizaýn edildi.

Kompaniýa häzirki wagtda içerki we gysga aralykdaky uçuşlara niýetlenen “S1” kürsüleriniň uzak aralyga syýahat edýän uçarlara niýetlenen görnüşiniň üstünde işleýär.

“Molon Labe Seating” kompaniýasynyň täze dizaýny iýun aýynda ABŞ-nyň Federal awiasiýa müdirligi tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Kompaniýanyň dolandyryjysy we esaslandyryjysy Hank Skotyň CNN-e beren beýanatyna görä, täze kürsüleri 2020-nji ýylyň aprel-maý aýlaryna çenli iki sany howaýoly kompaniýasynyň uçarlarynda görmek bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022