Owganystana ynsanperwer kömegiň täze tapgyry ugradylar

Owganystana ynsanperwer kömegiň täze tapgyry ugradylar
Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.

Geçen hepdäniň Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistan Owganystana goldaw bermäge toplumlaýyn çemeleşýär. Geçen ýyl Owganystana yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda 2018-2020-nji ýyllar üçin medeni-ynsanperwer kömegini bermek boýunça Maksatnama taýýarlandy. Ol birnäçe çäreleri, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, söwda merkeziniň, çaga dogrulýan öýüň açylmagyny, ynsanperwer kömeginiň ugradylmagyny öz içine alýar.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy bolupdy. 2020-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýän metjidiň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan waka ýokarda agzalan Maksatnamanyň durmuşa geçirmekde uly ähmiýetli çäreleriň biri boldy.

Şeýle hem ýaňy ýakynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde 60 tonna ECO-93 benzini goňşy ýurda iberildi.

2022