“Zara” egin-eşik markasy 2025-nji ýyla çenli ähli önümlerinde ekologiýa taýdan arassa matalaryň ulanylyşyny ýola goýar. Bu barada 16-njy iýulda geçirilen “Inditex” kompaniýasynyň ýyllyk maslahatynda beýan edildi.
Belli egin-eşik markasynyň hem dolandyryjysy bolan bu kompaniýa 2019-njy ýylyň soňuna çenli 7,500 sany “Zara” dükanlarynyň ählisinde ekologiýa zyýan bermejek ulgamlary ýerleşdirer.
“Zara”-nyň ekologiýa bilen bagly meýilnamasyna 2025-nji ýyla çenli ähli önümçilik ýerlerinden çykýan zibilleri 0 göterime çenli azaltmak, şeýle hem dükanlarynda we dolandyryş merkezlerinde ulanylýan energiýanyň 80 göterimini gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden ulanmak girýär.
Golaýda “Uniqlo” egin-eşik öndürijisi hem 2020-nji ýylyň soňuna çenli ýyllyk plastik ulanylyşyny 85 göterim (7,800 tonna) azaltmagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi.