DIM-de türkmen-argentin hyzmatdaşlygy barada pikir alşyldy

DIM-de türkmen-argentin hyzmatdaşlygy barada pikir alşyldy
Taraplar iki ýurduň arasynda eksportyň hem-de importyň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Argentinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Rikardo Ernest Lagorionyň ýolbaşçylygyndaky Argentina Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat merkezi habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky türkmen-argentin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi edil Türkmenistan ýaly, Argentinanyň hem iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydygyny nygtady.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurlygy barada gürrüň etdiler. Olar iki ýurduň arasynda eksportyň hem-de importyň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Bu ugurda Argentinanyň oba hojalyk, maldarçylyk we energetika ulgamynda ähmiýetli tejribesiniň bardygy nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary guramagyň zerurlygy nygtalyp geçildi.

Diplomatlar şeýle hem öňde duran Birinji Hazar ykdysady forumy hakynda hem gürrüň etdiler.