Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gürrüňdeşligiň başynda türkmen Lideri kärdeşini doglan güni bilen gutlap, Özbegistanyň köpmilletli halkyna bagtyýarlyk we ösüş arzuw etdi.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary doganlyk ýurtlaryň arasyndaky strategiki we köpugurly hyzmatdaşlygyň dowamly pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibine degişli, şeýle-de halkara we sebitleýin meseleler barada pikir alşyldy.

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy üçin minnetdarlyk bildirip, awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmekde üstünlik arzuw etdi.

Redaksion beýanat

Mundan öň, käbir daşary ýurt habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidentiniň saglyk ýagdaýy bilen bagly toslama habarlary ýaýradyp, halkara diňleýjileriň we okyjylaryň arasynda esassyz gep-gürrüňleriň döremegine sebäp boldular. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň 15-nji iýulda resmi taýdan dynç alşa çykandygy yglan edilen hem bolsa, agzalýan habar beriş serişdeleri ýurduň Lideriniň şahsy durmuşyna gatyşmaga we türkmen jemgyýetçiliginiň arasynda dowul döretmäge synanyşyk etdiler.

Žurnalistikanyň professional ülňülerine ygrarly bolup galýan habar beriş serişdeleri bu ugurdaky habarlary düýbünden çap etmedik hem bolsa, daşary ýurtlaryň käbir neşirleriniň we mediýa kompaniýalarynyň žurnalistikanyň baş düzgünlerini we ahlaky etikasyny gözden salmagy žurnalistleriň we bilermenleriň arasynda uly lapykeçlik döretdi. Barlanmadyk, tassyklanmadyk we çeşmesi gümürtik galp maglumatlary ýaýradyp, “sensasiýa” kowalaşan habar beriş serişdeleri ýerli we halkara jemgyýetçiliginiň gözünden düşdüler.

Türkmenistanyň Kanunlary islendik adamyň şahsy durmuşyna gatyşylmagyna ýol bermeýär, şol sanda islendik adamyň öz maşgala agzalary bilen özbaşdak erkin dynç almak hukugyny kepillendirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň at-abraýy we mertebesi Kanun bilen goralýar.

2022