Daşoguzyň polimer zawodynda 282 tonna turba öndürildi

Daşoguzyň polimer zawodynda 282 tonna turba öndürildi

Daşoguz şäherindäki Polimer önümleri zawodynda ýylyň başyndan bäri 294 tonnadan gowrak önüm öndürilip, 118.1 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Degişli döwürde kärhanada ölçegi 16 millimetrden 315 millimetre çenli üýtgeýän 23 görnüş turbanyň 282 tonnasy öndürildi.

Polimer zawodynda üstümizdäki ýylyň başyndan bäri öndürilen önüm pul mukdarynda 2 million 423 müň manada barabar bolup, 127.1 göterim ösüş gazanyldy. Bu ýerde halk hojalygynda ulanylýan maýyşgak gurşawlary, azyk önümlerini salmaga niýetlenilen bir gezek ulanylýan gapjagazlary, bulgurlary we beýleki polimer önümlerini öndürmek babatynda hem ösüşler gazanyldy.

Kärhanada öndürilýän dürli göwrümli turbalar we geçirijiler gurlanda ulanylýan beýleki goşmaça enjamlar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýänligi, hil derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda welaýatyň çäginde alnyp barylýan toplumlaýyn gurluşyklarda, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynda hem zawodyň önümlerine bolan isleg artýar. Suw we lagym geçirijileriň gurluşygynda ulanylyş möhleti uly bolan polimer önümlerini ulanmaga aýratyn üns berilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022