Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi herekete girdi

Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi herekete girdi
Gümrük dellaly tarapyndan ÜD-niň doldurylmagy, harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolan maglumatlara laýyklykda amala aşyrylýar.

24-nji iýuldan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanan Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi herekete girdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, Üstaşyr deklarasiýasyny (ÜD) doldurmagyň tertibi harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini kesgitleýär.

ÜD-e gümrük üstaşyryna rugsat alýan şahs tarapyndan ýa-da onuň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük dellaly tarapyndan doldurylýar.

Gümrük dellaly tarapyndan ÜD-niň doldurylmagy, harydyň ýany bilen iberilýän resminamalarda bar bolan maglumatlara laýyklykda amala aşyrylýar.

2022