“Toyota” bilen “DiDi” hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär

“Toyota” bilen “DiDi” hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeýär
Ýaponiýanyň Toýota şäherinde “Toyota” kompaniýasy Hytaýyň ulag hyzmatlaryny berýän kompaniýasy “DiDi” bilen ylalaşyk baglaşdy.

Penşenbe güni Ýaponiýanyň Toýota şäherinde “Toyota” kompaniýasy Hytaýyň ulag hyzmatlaryny berýän kompaniýasy “DiDi” bilen ylalaşyk baglaşdy. “Toyota”-nyň metbugat beýanatyna görä, “Toyota” bilelikdäki ulag hyzmatlaryny Hytaýda dolulygyna ornaşdyrmak üçin 600 million dollar maýa goýum serişdesini goýberer. Bu iki kompaniýa Hytaýyň raýatlary üçin has netijeli we ýokary hilli ulag hyzmatlaryny ýola goýmagy maksat edinýärler. 

Täze ylalaşyk “Toyota” we “DiDi” kompaniýalaryna ulaglary üpjün etmek we dolandyrmak, ätiýaçlandyrmak, müşderiler we sürüjiler üçin maliýe ulgamyny ýola goýmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem ylalaşygyň çäklerinde “Toyota” kompaniýasy Hytaýda batareýaly awtoulaglaryň ulanylyşyny köpeltmegi meýilleşdirýär.

“Toyota” kompaniýasynyň wisa-dolandyryjysy Şigeki Tomoýama Hytaýyň öňde baryjy ulag hyzmatlary kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň begendiriji wakadygyny belläp geçdi. 

Şäherleriň transport ulgamyna “akylly” çözgütleri getirmegi maksat edinýändiklerini aýdan “DiDi” kompaniýasynyň uly wisa-prezidenti Stefen Žu, durnukly şäher ulag ulgamyny ýola goýmak üçin “DiDi” kompaniýasynyň hyzmatlary bilen “Toyota”-nyň ulag tehnologiýasyny birleşdirmegi göz öňünde tutýandyklaryny beýan etdi.

2022