Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Boris Jonsony Birleşen Patyşalygyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi.
Birleşen Patyşalygyň ikinji zenan Premýer-ministri Tereza Meý 24-nji maýda Dauning köçesindäki rezidensiýasynyň öňünde eden çykyşynda partiýasynyň ýolbaşçylygyndan çekiljekdigini aýdypdy. 7-nji iýun we 22-nji iýul aralygynda geçirilen saýlaw işleriniň netijesinde Boris Jonson sişenbe güni Konserwatiw Partiýasynyň täze ýolbaşçysy hökmünde saýlandy. Jonson çarşenbe güni Bukingem köşgünde Şa zenany Elizabet II bilen duşuşygyndan soňra täze hökümeti gurmak işine girişdi.
20-nji asyryň soňky ýyllarynda meşhur britan metbugatynda žurnalist we ýazyjy hökmünde işlän Boris Jonson syýasat meýdançasyna 2001-nji ýylda girýär. 2008-2016-njy ýyllar aralygynda London şäheriniň häkimi bolan Jonson täze wezipesinde eden ilkinji çykyşynda Birleşen Patyşalygyň Ýewropa Bileleşiginden oktýabr aýynyň 31-ne çenli çykjakdygyny aýan etdi.