Jeki Çan bilen Arnold Şwarseneggeriň kinosynyň goýberiliş senesi belli boldy

BT
Jeki Çan bilen Arnold Şwarseneggeriň kinosynyň goýberiliş senesi belli boldy

Jeki Çan bilen Arnold Şwarseneggeriň köp garaşylan rus-hytaý kinosy "Aždarhanyň möhüriniň syry: Hytaýa syýahat" öňümizdäki günlerde iki ýurduň kinoteatrlarynda kino muşdaklaryna hödürlener. Bu barada "The Hollywood Reporter" habar berýär.

Filmiň surata düşürilişi Beýik Britaniýada, Russiýada we Hytaýda 2017-nji ýylyň fewral aýynda tamamlanypdy. Onuň 16-njy awgustda Hytaýda we Russiýada kinoteatrlaryň ekranlaryna çykaryljakdygy şu hepde mälim edildi.

"Aždarhanyň möhüriniň syry: Hytaýa syýahat" filminde meşhur artistler Çan we Şwarsenegger ilkinji gezek bilelikde rol oýnarlar. Olaryň biri göreş sungatynyň ussady, beýlekisi bolsa deňiz kapitany hökmünde çykyş eder.

Russiýaly kinoçy Oleg Stepçenkonyň režissýorlygyndaky täze filmi onuň 2014-nji ýyldaky "Unudylan imperiýa" filminiň dowamydyr. "Unudylan imperiýa" rus ýazyjysy Nikolaý Gogolyň romany esasynda ekranlaşdyrylypdy.

Filmiň dowamy üçin $50 millionlyk býujet bellenendigi habar berilýär. Ol Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky serhet topraklarynda surata düşürildi.

2022