Körpejäniň burawçylary 14,176 metr ýer gazdylar

Körpejäniň burawçylary 14,176 metr ýer gazdylar

“Türkmennebit” döwlet kärhanasynyň “Nebitgaz burawlaýyş” trestiniň “Körpeje” buraw işleri müdirliginiň burawçylary uly zähmet üstünliklerini gazandylar. Birinji ýarym ýyl boýunça dag magdanlary gazyp geçiş 14,176 metre golaýlady, bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijilerine garanyňda has köpdür.

Bu gazyp geçişiň esasy göwrümi ulanmak maksady bilen geçirildi, ol Esenguly zolagynyň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň senagatçylary üçin degişli iş zolagyny döretdi. Bu ýerde geologlaryň çaklamalaryna görä, nebitiň we uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary bar. Muňa mysal hökmünde Altynguýy we Kemer iri nebit ýataklaryny görkezmek bolar. Olar 2010-2011-nji ýyllarda açyldy we bu ýerlerden tebigy gaz üstünlikli alynýar. Bu ýataklarda dünýä meşhur öndürijileriň enjamlary ornaşdyrylan häzirkizaman kuwwatly gaz ýygnaýjy we gaz kompressor beketleri hereket edýärler.

Gyzyl reňkli çuň gatlaklary burawlamagyň dowamynda Hytaýda öndürilen “ZJ-70DS” kysymly  kuwwatly burawlaýyş desgasyndan giňden peýdalanylýar. Şeýle-de onuň toplumyna göçme öý-wagonlar girýär, olarda ussa-gözlegçiler üçin ähli ýaşaýyş-hojalyk şertleri döredilendir. Burawlaýyş desgasy Uzyn-ada we Altynguýy ýataklarynda guýulary burawlamakda özüni gowy tanatdylar.

“Körpeje” buraw işleri müdirliginiň gözlegçileri bu desgalaryň berk we peýdalydygyna 17, 330 belgili guýulary burawlamak döwründe göz ýetirdiler, bu guýulardan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin möhüm çig mal bolan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy.

Häzirki wagtda buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri dünýä öndürijileriniň täze tehnikasyny we tehnlogiýalaryny özleşdirip, gözleg-agtaryş işleriniň çäklerini giňeldýärler.

2022