Azerbaýjanyň Neftçala Senagat şäherçesi “Peugeot 207” kysymly awtoulagyň önümçiligine taýýarlanýar. Bu barada “Trend” habar agentligine maglumat beren “Azermash” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekili önümçiligiň öňümizdäki aýlarda başlajakdygyny aýdyp: “Awtomatik hereketlendirijili ‘Peugeot 207’-leriň bahasy 17,500 manat (10,264 amerikan dollary) bolar. Şol bir wagtda Neftçala Senagat şäherçesinde öndürilen ‘Khazar SD’ kysymly awtoulaglaryny eksport etmek üçin işler alnyp barylýar” diýdi.
“Azermash” kompaniýasynyň wekili beýanatynda ýylyň başynda Neftçala Senagat şäherçesinde öndürilen “Peugeot 407” kysymly awtoulaglaryň içerki bazarda satylandygyny belläp geçdi.
Eýranyň “Iran Khodro” we Azerbaýjanyň “AzEuroСar” kompaniýalarynyň bilelikde açan “Azermash” awtoulag zawody 2018-nji ýylyň mart aýynda açyldy. Neftçala Senagat şäherçesinde ýerleşýän bu zawodda öndürilýän ähli awtoulaglar Euro-5 talaplaryna gabat gelýär diýlip, agentligiň habarynda berilýär.
“Azermash” zawody 2018-nji ýylda “Khazar” kysymly awtoulaglaryň 1,000-den gowragyny öndürdi. Bu mukdaryň 95%-ni satmagy başaran kompaniýa üstümizdäki ýylda 3,000 awtoulag öndürmegi meýilleşdirýär.