“Ýeňiş” müşderiler bilen 27 ýyl bäri işleşýär

“Ýeňiş” müşderiler bilen 27 ýyl bäri işleşýär
Fabrigiň köýnekleri owadanlygy, endamyňa ýakymlylygy bilen tapawutlanyp, elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň (DSM) Marydaky “Ýeňiş” tikin fabriginiň işgärleri tutanýerli zähmet çekip, önümçilik meýilnamalaryny aýba-aý berjaý etmegiň hötdesinden gelýärler. Bu ýerde täze oturdylan döwrebap tehnologiýaly kämil tikin enjamlaryna ezberlik bilen erk edýän tikinçiler işleriniň hilini we harytlyk görnüşini yzygiderli ýokarlandyrýar.

Kärhanada häzirki wagtda, esasan, erkek adamlara, uly we kiçi ýaşly çagalara niýetlenen dürli reňk we ölçegdäki köýnekler taýýarlanylýar. Döwrebap köýnekler taýýarlanylanda, ilkinji nobatda, müşderileriň şol harytlara bolan ösen islegleri öwrenilýär.

Kärhanada mundan başga-da ýörite buýurmalar esasynda ýurdumyzyň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri we esgerleri üçin harby lybaslar hem taýýarlanylýar.

Ähli kuwwatlylygynyň 84 göterime golaýyny üznüksiz işledýän fabrige çig mallar Ruhabat, Türkmenbaşy dokma toplumlaryndan we Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginden getirilýär. Çig mallar dürli görnüşlerde gelýär. Bir görnüşli çig mal 100 göterim pagtadan dokalan bolsa, ikinji bir görnüş 100 göterim inçe süýümli pagtadan dokalandyr.

1992-nji ýylda döredilen “Ýeňiş” tikin kärhanasynda 335 işgär zähmet çekýär. Olar ýylyň başyndan bäri 12 million 840 müň manatlyga barabar ýokary hilli haryt öndürip, söwda nokatlaryna ugratdylar.

Bu ýerde öndürilýän köýnekler owadanlygy, endamyňa ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Olar DSM-iň dükanlarynyň üsti bilen elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär. Içerki bazarlarymyzda mynasyp orun alýan “Ýeňiş” tikin fabriginiň ilatymyzyň islegi günsaýyn artýar.

2022