Myhmanhana kompaniýasy “InterContinental Hotels Group” (IHG) 2021-nji ýyla çenli ähli myhmanhanalaryndan kiçi plastik gaplary aýyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, IHG dünýä ýüzündäki 843 müň otaglarynyň ählisinde plastik zyňyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen dürli görnüşli şahsy arassaçylyk serişdeleri salnan bir gezeklik plastik çüýşejikleriň ýerine has uly göwrümli gaplary ulanyşa girizer.
Bu barada IHG kompaniýasynyň ýolbaşçysy Keýt Bar şeýle diýdi:
– Dünýäniň dürli ýerlerindäki 5,600-den gowrak myhmanhanalaryň ählisinde uly göwrümli gaplary ulanyşa girizmek uly ädim bolup durýar. Bu üýtgeşme bize plastik zyňyndylaryny we daş-töwerege ýetirýän täsirimizi azaltmaga mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda myhmanhanalarymyzyň üçden bir bölegine bu täzelik girizilip başlandy.
IHG myhmanhanalarynyň ählisinde bir ýylyň dowamynda ortaça 200 million kiçi göwrümli hammam serişdeleri ulanylýar. Kompaniýa öz marka strategiýasyna şeýle üýtgeşme girizmeginiň başyny geçen ýylyň oktýabr aýynda başlady – 2019-njy ýylyň soňuna çenli ähli myhmanhanalarynda plastik turbajyklaryň ulanylyşyny aýyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
IHG kompaniýasynyň “Voco”, “Even” we “Avid” myhmanhanalary açylanyndan bäri uly göwrümli doldurylýan gaplary ulanýar. Şeýle hem “Six Senses Hotels Resorts Spas” merkeziniň hammamlarynda müşderilerine şahsy arassaçylyk serişdelerini keramiki gaplarda hödürleýär.