30-31-nji iýulda Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Wan Zulkiflee Wan Ariffiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berlişine görä, iş saparynyň barşynda, çarşenbe güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň “Deňiz” myhmanhanasynda Malaýziýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ýangyç-energetika ulgamyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp geçdiler we açyk işewür gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Malaýziýanyň "Petronas" kompaniýasy – Hazar deňziniň türkmen şelfiniň özleşdirilmegine girişen ilkinji daşary ýurt kompaniýasydyr. Häzirki wagtda kompaniýa nebithimiýa we beýleki geljegi uly ugurlar boýunça türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär, ol birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýändir.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Malaýziýanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirdiler we iri göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.