“Garabogazkarbamid” ýylda 1.155 million tonna karbamid öndürmäge ukyply

“Garabogazkarbamid” ýylda 1.155 million tonna karbamid öndürmäge ukyply

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherinde ulanyşa girizilen iri senagat desgasy “Garabogazkarbamid” zawody döwrebap senagat desgalarynyň biridir. Bu öňdebaryjy desga ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny doly görkezýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan gazhimiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýelän “Garabogazkarbamid” zawody ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid hem-de 660 müň tonna sintetiki ammiak öndürmäge ukyplydyr.

Agrosenagat toplumynyň doly ösüşi dökünleriň dürli görnüşleri bilen ýeterlik üpjün edilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny, uglewodorod we kükürt-wodorod çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak, iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen olary senagat taýdan gaýtadan işlemek üns merkezinde durulýan meseleleriň biridir.

Karbamid oba hojalygynda ýokary islege eýe bolan mineral dökünleriň biridir. “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän önümleriň agramly böleginiň daşarky sarp edijiler üçin niýetlenilmegi hem şeýle ýokary islegden habar berýär. Gazhimiýa pudagynyň bu iri möçberli toplumynyň ulanyşa tabşyrylan ilkinji günlerinden daşarky bazarlaryň sarp edijileri onuň öndürýän karbamid dökünine uly gyzyklanma bildirip başladylar.

Zawodda “mawy ýangyç” esasy çig mal bolup durýar. Bu ýerde ýylda 1 milliard kub metre çenli tebigy gazy gaýtadan işlemäge ähli şertler döredilendir. Ýurdumyz bolsa, dünýäde ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň hatarynda tanalýar.

“Garabogazkarbamid” döwrebap gazhimiýa toplumynyň ulanyşa tabşyrylmagynyň netijesinde 1000 iş orunlary döredi.

2022