Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeldýär
GDE-ni ösdürmek işiniň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmegiň hem-de oňa hususy pudagyň çekilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Penşenbe güni Aşgabatda “Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti” atly halkara duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Forumyň işine Türkmenistanyň käbir edaralarynyň, şol sanda energetika, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň, Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlary 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan üçin gaýtadan dikeldilýän energiýanyň Ösüş meýilnamasynyň işlenilip düzülmegine, ýurdumyzda bu pudagyň ösüşiniň mümkinçilikleri hakyndaky hasabatyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem halkara guramalary we donorlary bilen bilelikde gaýtadan dikeldilýän energiýa (GDE) ulgamyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.

Şeýle hem GDE-ni ösdürmek işiniň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmegiň hem-de oňa hususy pudagyň çekilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek ýaly dünýä möçberindäki meselä uly üns berýär. Şunda ýurdumyz Günüň we ýeliň energiýasyny ulanmak, “ýaşyl ykdysadyýetiň” kuwwatyny artdyrmak babatda amatly şertlere eýe bolup durýar.

Soňky ýyllarda döwletimiz bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak babatda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ýurdumyz IRENA-nyň doly hukukly agzasy boldy.