Türkmen biržasy HYF-de ýerli önümleriň göçme söwdasyny gurnaýar

Türkmen biržasy HYF-de ýerli önümleriň göçme söwdasyny gurnaýar
Söwdada nebit we nebit önümleriniň, dokma önümleriniň, ýeňil senagatynyň we beýleki önümleriniň satylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (DHÇMB) Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän “Beýik Ýüpek Ýol” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynda göçme söwdasyny gurnaýar. Söwdada ýurdymyzda uly mukdarda öndürilýän nebit we nebit önümleriniň, dokma önümleriniň, ýeňil senagatynyň we beýleki önümleriniň satylmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň DHÇMB-si Hazar ykdysady forumynyň çäginde 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda geçiriljek birža söwdalaryna ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalary gatnaşmaga çagyrýar.

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministriligi bilen bilelikde Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisi we “Türkmen sährasy – 2019” halkara awtosergisi geçiriler.

Halkara sergisine birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleri, şol sanda “Yama Petrol Co. Ltd.” (Owganystan), “Erkin ýol Co. Ltd.” (Owganystan), “Areti” (Sweýsariýa), “Danuba Petrol Trade S.A.” (Lýuksemburg), “Ýug polimer JÇJ” (Russiýa), “Promyşlennyýe inwestisii JÇJ” (Russiýa), “Paul Reinhart A.G.” (Şweýsariýa), “Olam International” (Singapur), “Torgoviy Dom Turkmenistana AMUL JÇJ” (Özbegistan), “Discount Glass Sale HK” (Özbegistan), “Ferlo Business Limited” (Özbegistan), “Dragon Oil”, CNPC, “Petronas”, “Shlumberger” we beýlekileriň gatnaşarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022