S.Lawrow: “Russiýa Hazar ykdysady forumyna ýokary ähmiýet berýär”

S.Lawrow: “Russiýa Hazar ykdysady forumyna ýokary ähmiýet berýär”
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna beren interwýusynda birinji Hazar ykdysady forumyna Russiýanyň ýokary ähmiýet berýändigini aýtdy.

“Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgustynda Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginden soňra aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar” diýip, Russiýanyň baş diplomaty nygtady.

Onuň aýtmagyna görä, halkara şertnamanyň derwaýyslygy onuň söwda-maýa goýum we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk şertlerini döredýändiginden ybaratdyr.

11-12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Forumyň gün tertibi söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy, senagat, ulag, innowasiýalar we ylym ulgamynda alnyp barylýan iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyny özünde jemleýär.

“Birinji Hazar ykdysady forumynyň söwda, maýa goýumlar we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine ynanýaryn, bu bolsa Hazaryň dünýäniň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülmegine özüniň oňyn itergisini berer” diýip, Lawrow belledi.

Russiýanyň hökümetiniň metbugat beýanatyna görä, ýurduň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu foruma gatnaşar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022