Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “Toyota” awtoulaglary getiriler

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna “Toyota” awtoulaglary getiriler

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (HDP) “BBС Chartering” kompaniýasy bilen uly göwrümli ýükleri geçirmek barada duşuşyklar geçirdi. Netijede, 2020-nji ýylyň dowamynda Özbegistana uly gurluşyklar üçin agyr we göwrümli ýükleriň üstaşyr geçip gitmegine garaşylýar. Häzirki wagtda Türkmenbaşy – Mahaçkala portlarynyň arasynda wagonlary, konteýnerleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň iýun aýynda Ýaponiýanyň “Simitomo” we “Toýota Merkezi Aziýa FZF” kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Buharestde Hazar we Gara deňizleriniň arasynda ulag geçelgesiniň taslamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Munuň netijesinde Türkmenbaşy HDP bilen “Simitomo” we “Toýota Merkezi Aziýa FZF” kompaniýalarynyň arasynda ýakyn wagtda şertnama baglaşylmagyna garaşylýar.

Şoňa laýyklykda, “Toýota” kompaniýasynyň awtoulaglaryny, çalgy ýaglaryny, ätiýaçlyk şaýlaryny Türkmenbaşy HDP-niň ammaryna getirmek hem portuň çäginde ýerlemek göz öňünde tutulýar. Portda daşary ýurtlaryň ulag-logistika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meýilleşdirilýär.

Türkmenbaşy HDP-e gelen köp möçberdäki ýükler 3 ýylyň dowamynda gümrük paçlaryndan boşadylýar. Ýükler açyk ammarlar meýdançasynda bir aýdan iki aýa çenli mugt saklanýar. Şeýle hem köp mukdarda ýük getiren müşderilere nobatsyz hyzmat edilýär, olar myhmanhana, aragatnaşyk serişdeleri bolan ofis bilen üpjün edilýär.

2022