“Lapis Lazuli” ugry bäş ýurduň ýollaryny birikdirýär

“Lapis Lazuli” ugry bäş ýurduň ýollaryny birikdirýär
“Lapis Lazuli” taslamasyna laýyklykda polat we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara porty bilen birleşdirýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen köp sanly iri halkara we sebitara taslamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün edýär diýlip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda beýan edilýär.

Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe döwletleriniň gatnaşmagynda “Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy” (“Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk) taslamasynyň amala aşyrylmagynda ilkinji ädim Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirildi.

Resminama 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekildi. Onuň kabul edilmegi sebitiň ykdysady birleşmesini ösdürmek, söwdanyň möçberini artdyrmak maksadynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Aşgabat forumynyň anyk goşandyna öwrüldi.

“Lapis Lazuli” taslamasyna laýyklykda polat we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara porty bilen birleşdirýär. Şondan aňry Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli, soňra Tbilisiniň üsti bilen Ankara we Stambula çenli dowam eder. Ulag-üstaşyr logistikasyny aňsatlaşdyrjak we gümrük işlerini ýeňilleşdirjek bu taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň umumy bahasy iki milliard dollara deň bolar.

“Lazurit” ulag üstaşyr koridorynyň bir bölegi bolan Serhetabat-Turgundy demir ýoly 2018-nji ýylyň Fewral aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Bu türkmen-owgan demir ýolunyň gurluşygyny Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy.

2022