Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna beren interwýusynda Azerbaýjanda hem Türkmenistanda bolşy ýaly, Hazar deňziniň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn açylmagyna we kenarýaka döwletleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.
“Azerbaýjan Respublikasy goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly özarahyzmatdaşlygyny biziň bilelikdäki tagallalarymyza ähmiýetli täsir etjek şert hökmünde garaýandyr. Biz ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn esasdaky, edil şonuň ýaly-da hazarýaka döwletlerini birleşdirýän özarabähbitli hyzmatdaşlygyň dürli formatlaryna hemmetaraplaýyn açykdyrys” diýip, Azerbaýjanyň daşary işler edarasynyň Baş ýolbaşçysy nygtady.
E.Mamedýarowyň aýtmagyna görä, 11-12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Forumdan garaşylýan esasy netije sebitde durmuşa geçirilýän möhüm başlangyçlaryň çäklerinde özarahereketleriň takyklaşdyrylmagyndan ybarat bolup durýar.
“Energetika, logistika we beýleki taslamalaryň işjeňleşdirilmegi biziň ýurtlarymyzyň aýratynlykdaky we umumy Hazar giňişligindäki gyzyklanmalaryna hemmetaraplaýyn gulluk eder diýip çaklaýarys” diýip, ministr aýtdy.
Interwýuda E.Mamedýarow öňde duran ykdysady foruma Azerbaýjanyň düýpli taýýarlyk görendigini belläp geçdi.