Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda gök önümleriň bolçulygynyň pugtalanmagyna özüniň goşandyny goşýar. Bu hojalyk jemgyýetine Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 1000 gektar ýer işjeň özleşdirildi. “Ýigit” HJ tarapyndan şol meýdanyň 865 gektary dürli ekinleri ýetişdirmäge niýetlenen açyk meýdandyr.
Ekinlere ideg etmek işinde Ýewropa ýurtlaryndan getirilen öňdebaryjy oba-hojalyk tehnologiýalarynyň hyzmatyndan peýdalanylýar. Suwaryş işi häzirkizaman ýagyş usully suwaryş ulgamlarynyň – enjamlarynyň 8-si tarapyndan geçirilýär.
Işjeň özleşdirilen ýeriň 10 gektarynda dünýäniň iň täze gazanylan usullary, tilsimatlary esasynda gurlan we häzirki wagtda netijeli hereket edýän ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bol hasyly ýetişdirilýär.
Ýyladyşhananyň içki howa ulgamy, ýagny ýylylygy, çyglylygy, kömürturşy gazy we ýagtylygy öňde baryjy tilsimatlar arkaly awtomatiki usulda sazlanylýar. Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynda pomidoryň bandeta, profans ýaly görnüşleri ýetişdirilip, geljekde pomidoryň başga-da birnäçe görnüşini ösdürmek göz öňüne tutulýar.
Kuwwaty pomidoryň ýylda 2500 tonnasyny ýetişdirmäge barabar bolan bu ýyladyşhananyň önümleriniň ýylyň ähli paslynda ilata ýetirmegi ugrunda işçi hünärmenler yhlasly zähmet çekýärler. Önüm ýörite ulaglar arkaly paýtagtymyzyň we welaýatlaryň bazarlaryna ugradylýar.
Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynyň 20 gektar meýdany eýelejek ikinji tapgyrynyň gurluşygy hem alnyp barylýar. Onuň gurluşygynyň tamamlanyp, işe girizilmegi bilen, hojalyk jemgyýetine degişli bolan ýyladyşhana toplumynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 10 müň 500 tonna çenli ýokarlanar.