“Galkynyş” gaz käniniň serişdeler gory artdyrylýar

“Galkynyş” gaz käniniň serişdeler gory artdyrylýar
"Galkynyş" gaz käni

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny giňeltmek bilen bir hatarda, ýakyn geljege goýlan möhüm wezipeleriň arasynda tebigy gazyň we nebitiň gazylyp alnyş möçberlerini ýokarlandyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we olaryň maýa goýumlaryny çekmek arkaly hem guýylary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri işjeňleşdirmek hem bardyr.

Nebit-gaz toplumynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda dünýäniň iň iri ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň serişdeler goruny artdyrmak bilen bagly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. “Ýaşlar” we “Garaköl” känleri bilen bilelikde bu ýatagyň gorlary 27 trillion kub metr diýlip kesgitlenilýär. Häzirki wagtda umumy eýeleýän meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanylyş gaznasynda 40-dan gowrak guýy bar. Her bir guýynyň çykymy ortaça gije-gündizde 2 million kub metr gaza deňdir.

Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazyny öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanylmaga berildi. Şeýle-de gaz ýataklaryny ýüze çykarmaga we olardan gazy almaga ýardam etjek täze guýylaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň kärhanalary bilen bir hatarda dürli tapgyrlarda “Galkynyşa” degişli taslamalary durmuşa geçirmäge Koreýa Respublikasynyň “Hyndai Engineering” we “LG Internatinal Cоrp”, Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC”, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Petrofac International” we “Gulf Oil & Gas Fze” ýaly dünýäniň iri kompaniýalary hem gatnaşdy.

Ondan başga-da, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we Ýaponiýanyň “Itochu Corporation”, “JGC Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Chiyoda Corporation”, “Sojitz Corporation” hem-de Türkiýäniň “Çalik” we “Rönesans” kompaniýalarynyň arasynda bu käni özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakynda ylalaşyklar bar.

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri nebit-gaz ýatagy “Galkynyş” dünýäde ululygy boýunça ikinji orny eýeleýär.

2022