Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde bugdaýyň täze sortlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler dowam edýär.
“Türkmenistan: Altyn asyr”-yň berýän maglumatyna görä, merkeziň tohumçy hünärmenleri ýurduň ähli welaýatynda ösdürip ýetişdirer ýaly bugdaýyň “Rowaçlyk” we “Galkynyş” atly iki gyşlyk ýumşak sortuny döretdiler. Bu görnüşli bugdaýlaryň ösüş döwri 200-210 gün bolup, olaryň düzümindäki belogyň mukdary 13-15 %-e, kleýkowinleriň mukdary 32-34%-e, ýukalygy bolsa 65-70%-3 deňdir. Geçirilen tejribe işleri täze sortlaryň ösümlik kesellerine – goňur we sary reňkli poslama garşy durnuklydygyny görkezdi.
“Rowaçlyk” sortunyň hasyllylygy üç ýylda geçirilen synaglarda her gektardan 65,7 sentnerden ybarat boldy, şeýlelikde adaty “Sähraýy” sortundan 13,2 sentner artyk bugdaý alyndy. Iň ýokary hasyl 2017-nji ýylda görüldi, şonda gektardan 69,2 sentner ýygnaldy.
“Galkynyş” sortunyň hasyllylygy geçen birnäçe ýylda ortaça gektardan 60 sentnerden ybarat boldy, amatly şertler döredilen ýagdaýynda has hem artyp biler. Iň ýokary hasyl şu ýyl alyndy – gektardan 70,1 sentner.
Bu ýokary görkezijiler Türkmenistanyň duzly we howa şertleri üçindir.
Täze sortlar barlagdan geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Döwlet tohumçylyk we tohum barlagy gullugyna ugradyldy.
Türkmenistan 2020-nji ýylda bugdaý meýdanlaryny azaldar. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2020-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz özümiziň azyk howpsuzlygymyzy üpjün edendigimizi göz öňünde tutup, geljek ýyl galla ekiljek meýdanlaryň möçberiniň azaldylýandygyny belledi. Eksport edýän önümlerimiziň möçberini artdyrmak hem-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzdan ugur alyp, galladan boşan meýdanlar gowaça ekmek üçin berler.