“FedEx” poçta kompaniýasy “Amazon” bilen hyzmatdaşlygyny ýatyrýar

“FedEx” poçta kompaniýasy “Amazon” bilen hyzmatdaşlygyny ýatyrýar
“FedEx” kompaniýasy geçen aý çykaran ýyllyk hasabatynda öýe çenli eltip bermek hyzmatlaryny we logistika ugurlaryny kämilleşdirýän “Amazon” ýaly kompaniýalara “bäsdeş hökmünde garalyp biljegini” belläp geçdi.

“FedEx” poçta kompaniýasy awgust aýynyň soňundan başlap elektron söwdanyň ägirdi “Amazon” bilen ABŞ-nyň içindäki hyzmatdaşlygyny ýatyrar. Poçta kompaniýasynyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, “FedEx” mundan beýläk ABŞ-da kompaniýanyň önümleri üçin poçta hyzmatyny bermez. Bu poçta kompaniýasy iýun aýynda howadan poçta daşamak boýunça “Amazon” bilen bolan şertnamasyny goýbolsun edipdi.

“FedEx”-iň elektron poçta arkaly ýaýradan beýanatynda: “Ýerden poçta gatnatmak hyzmaty bilen bagly bu üýtgeşme biziň elektron söwda ulgamyna gönükdirilen strategiýamyz bilen baglanyşyklydyr” diýlip bellenilýär.

“Business Insider”-iň habaryna görä, bu täzelik “Amazon”-yň öz logistika we eltip bermek hyzmatlaryny giňeltmäge başlamagynyň netijesinde döredi. Kompaniýa geçen ýylyň noýabr aýynda ABŞ-nyň içinde önümleri eltip bermek üçin müňlerçe sürüjini işe almagy meýilleşdirýändigini aýdypdy.

“FedEx” kompaniýasy geçen aý çykaran ýyllyk hasabatynda öýe çenli eltip bermek hyzmatlaryny we logistika ugurlaryny kämilleşdirýän “Amazon” ýaly kompaniýalara “bäsdeş hökmünde garalyp biljegini” belläp geçdi.

“Goldman Sachs” bankynyň bilermenlerine görä, eltip bermek hyzmatyny 2015-nji ýyldan bäri kämilleşdirýän “Amazon” kompaniýasy bu ugurda hyzmat berýän “FedEx” we “UPS” ýaly poçta kompaniýalarynyň yzyndan ýetmek üçin goşmaça 122 milliard dollar çykdajy etmeli bolar.

2022