Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding"-iň we “ARETI”-niň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding"-iň we “ARETI”-niň ýolbaşçylaryny kabul etdi
“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy hem-de “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy aýratynlykda kabul etdi.

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça 500 kilowolt güýjenmesi bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Gurluşyk işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem elektrik energiýasyny üstaşyr ibermäge mümkinçilik berer, bu ýurtlaryň hökümetleri taslamanyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de bu taslama bilen baglanyşykly ähli işleriň şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

“ARETI-niň” ýolbaşçysy bilen duşuşykda Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň işewürleriniň esasy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde Türkmenistanda önümçilige iň döwrebap tehnologiýalary hem-de iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, “ARETI” kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarow kompaniýa tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berip, energetika ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.

I.Makarowyň belleýşi ýaly, penşenbe güni “ARETI” welosipedleri kireýine bermegiň üç nokadynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Halkara derejeli sport ussady hem-de geçmişde professional türgen hökmünde men Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän giň möçberli işlere gatnaşýandygyma örän şatdyryn diýip, işewür aýtdy.

2022