Halkara deňiz portunda sergi açyldy

BT
Halkara deňiz portunda sergi açyldy
Sergi zalynyň girişinde gatnaşyjylara Türkmenistan barada proýeksiýa şow görkezildi.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we “Türkmen sährasy-2019” awtomobil sergisi badalga aldy. Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän serginiň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatyny okady. 

Sergi zalynyň girişinde gatnaşyjylara Türkmenistan barada proýeksiýa şow görkezildi. Bu şowuň dowamynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde, gazhimiýa toplumynda, daşary işler syýasatynda gazananlary hakynda maglumat berildi. Açylyş dabarasyna dürli ýurtlaryň ýurdumyzdaky ilçileri bilen bir hatarda Türkmenistanda hereket edýän we gelejekde hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän kompaniýalaryň wekilleri hem gatnaşdy.

Sergä gatnaşyjylar ilki bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň soňra bolsa daşary ýurtly we ýerli iri kompaniýalaryň stendlerini gezdiler. 

Çäraniň dowamynda sergä gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerli önümçilik bilen meşgullanýan kompaniýalara gyzyklanma bildirdiler. Sergi iki gün dowam eder. 

2022