Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bolgariýanyň premýer ministri Boyko Borisow bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portynda dowam edýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we “Türkmen sährasy-2019” awtomobil sergisine aýlandy.
Türkmenistanyň baş diplomaty we Bolgariýanyň premýer ministri iýun aýynda Ahal welaýatynda açylan gazdan benzin öndürýän zawodyň stendiniň ýanynda saklanyp, zawod barada maglumat aldylar.
“Türkmen sährasy – 2019” awtomobil sergisiniň geçirilen zalynda daşary işler ministri R.Meredow myhmany “Amul – Hazar – 2018” halkara awtoralli ýaryşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulanan awtoulagy bilen tanyşdyrdy.