Russiýanyň Premýer-ministri Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Russiýanyň Premýer-ministri Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedew

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedew birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýekşenbe güni iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi.

Russiýanyň hökümet ýolbaşçysy saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşar diýip, TASS agentligi habar berýär.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew plenar ýygnakda hem çykyş eder. Şeýle-de ol Hazar ykdysady forumynyň çäginde geçirilýän Halkara innowasion tehnologiýalar sergisine hem baryp görer.

"Rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we Hazar sebitindäki hyzmatdaşlyk barada maslahat etmek üçin, çäräniň dowamynda Dmitriý Medwedewiň Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy hem meýilleşdirilýär" diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Birinji Hazar ykdysady forumy "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär. Russiýanyň wekiliýetine Dmitriý Medwedew ýolbaşçylyk edýär.

2022