Birinji Hazar ykdysady forumy açyldy

BT
Birinji Hazar ykdysady forumy açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň parahatçylygyň we dostlugyň deňzi bolmaga dowam etjekdigini aýtdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumunyň açylyş dabarasy boldy.

Forumyň açylyşyna bagyşlanyp geçirilen “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri” atly halkara maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Türkmen Lideri Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça teklibine beren goldawlary we ony gurnamaga goşantlary üçin Hazarýaka döwletlerine minnetdarlygyny bildirip, bu forumyň Hazar deňziniň ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmekde, halkara söwdany artdyrmakda ähmiýetlidigini nygtady.

Hazarýaka döwletleriniň, şeýle hem halkara guramalaryň gatnaşmagynda Hazaryň tebigatyny goramak meselelerine deginen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamagy we olardan netijeli peýdalanmagy maksat edinýän ekologiki çäreleriň toplumy hökmünde Hazaryň daşky gurşawy boýunça meýilnamany döretmegi öňe sürdi. Döwlet Baştutany Hazaryň parahatçylygyň we dostlugyň deňzi bolmaga dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde innowasion hyzmatdaşlygy artyrmagyň sebitiň geljegini kesgitlejekdigini aýdyp, Hazara bagyşlanan Halkara innowasion tehnologiýalar merkezini açmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumynyň uzak ýoluň başlangyjydygyny belläp, oňa gatnaşyjylary açylyş bilen gutlady. 

Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen geçirilýän Hazar ykdysady forumynyň gün tertibi Hazar sebitinde uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmäge şert döretmek, Hazar sebitindäki ykdysadyýetiň dünýädäki orny, Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň nebit-gaz, ulag, söwda, oba hojalygy, syýahatçylyk we beýleki pudaklarynda maýa goýum mümkinçilikleri ýaly mowzuklary öz içine alýar.

2022