Hazarýaka ýurtlarynyň ýolbaşçylary forumyň hyzmatdaşlygy artdyrjakdygyny aýdýarlar

BT
Hazarýaka ýurtlarynyň ýolbaşçylary forumyň hyzmatdaşlygy artdyrjakdygyny aýdýarlar

Birinji Hazar Forumyň çäklerinde geçirilen “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri” atly halkara maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen bir hatarda Azerbaýjanyň Premýer-ministri Nowruz Mammadow, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin, Eýranyň birinji wise-prezidenti Jihangir, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dimitriý Medwedew çykyş etdi. 

Hazarýaka döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ähmiýeti barada çykyş eden Premýer-ministr Mammadow, birinji Hazar ykdysady forumynyň bu hyzmatdaşlygy artyrmaga goşant goşjakdygyny aýtdy. 

Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eşak Jihangiri Hazarýaka döwletleriniň Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagynyň içerki bazara we hususy ulgama ýetirjek oňyn täsiri barada belläp geçdi. Eýranyň port mümkinçilikleri barada maglumat beren wise-prezident Jihangiri deňize çykmaga isleg bildirýänlere gerekli hyzmatlary hödürleýändiklerini aýtdy. 

Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin çykyşynyň dowamynda Hazar sebitini ösdürmegiň ýolunyň Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyndan geçýändigini aýdyp, Gazagystanyň şäherlerinde halkara hyzmatdaşlyk üçin döredilen mümkinçilikler barada maglumat berdi. Hazar sebitiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri üçin gerekli bolan gurşawy döredýändigini bellän Mamin, foruma gatnaşyjylary bu ugurda hyzmatdaşlyga çagyrdy. Premýer-ministr sebitiň ekologiýa meselelerine ünsi çekip Hazar düwlenini goramakda alyp barýan işleri barada aýtdy. 

Çäräniň dowamynda kürsä geçen Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygy Dimitriý Medwedew Hazarýaka ýurtlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmeginiň ähmiýetleri barada çykyş etdi. Medwedew sebitiň nebit-gaz gorlarynyň ähmiýetine hem ünsi çekdi. Şeýle-de ol bilermenleriň seljermelerine görä Hazar deňziniň kenarynyň 1 million syýahatçyny myhman almaga ukyplydygyny aýdyp, Hazarýaka ýurtlarynyň port infrastrukturasyny kämilleşdirmek arkaly syýahatçylary 5 ýurda birlikde aýlap biljek kruiz syýahatlarynyň gurnamagyň maksada laýyk boljagyny belledi.