Gazagystanyň Premýer-ministri: 'Türkmenistanyň daşary syýasaty hyzmatdaşlygy ösdürer'

Gazagystanyň Premýer-ministri: 'Türkmenistanyň daşary syýasaty hyzmatdaşlygy ösdürer'
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin

Duşenbe güni "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş bolandygyny we häzir hem şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin we global derejede parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy jebisleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny Gazagystanyň doly goldaýandygyny aýtdy. 

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we Gazagystanyň hökümet ýolbaşçysy birnäçe döwletara taslamalaryň durmuşa geçirilişi we Türkmenistanyň işjeň ýagdaýda öňe sürýän söwda, logistika hem-de energiýa taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada maslahat etdiler.

Askar Mamin Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasy strategiýasynyň Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga goşant goşjakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin döwletara gatnaşyklary düýpli ösdürmegiň iki ýurduň üns merkezinde durýandygyny tassykladylar.

2022