Iş durmuşynda peýdaly boljak 9 endik

Iş durmuşynda peýdaly boljak 9 endik

Iş durmuşynyň dowamynda ähli başarnyklary öwrenendigiňi pikir etmek iň uly ýalňyşlyklaryň biri. Öz-özüňi kämilleşdirip, häzirki ýagdaýyňdan has köp başarnyk gazanmagyň ýoly yzygiderli öwrenmekden geçýär.

“Quartz” internet neşiriniň ýazyjysy Dr. Trawis Bradberry yzygiderli öwrenmegiňize ýardam berjek, şeýle hem iş dünýäsinde peýdaly boljak dokuz endigi maslahat berýär.

Duýgy bilen bagly zehin (EQ)

EQ derejesi ýokary adam özüniň we başgalaryň duýgularyna düşünmäge we olary seljermäge ukyply bolýar. Öz endiklerini we beýlekiler bilen gatnaşyklaryny şu ukyba görä sazlaýar.

Adatça, EQ derejesi ýokary bolan adamlar derejesi peslere garanyňda ýyllyk 29 müň dollar köp gazanýar. EQ derejesini ýokarlandyrmak diňe bir bank hasaplaryňyzyň galňamagyna däl, eýsem bagtly we stressden uzak durmuş ýaşamagyňyza kömek eder.

Wagty dogry ulanmak

Wagty peýdaly we dogry ulanmaga böwet bolýan zatlaryň iň esasysy “gyssagly işleriň zulumy”. Haçan-da adam olaryň garşysynda durup bilmedik ýagdaýynda, ep-esli wagtyny sarp etse-de önjeýli işläp bilmeýär. Iş wagty gutaranynda peýdaly zatlary etmedigiňize näçe gezek göz ýetirdiňiz?! Wagty dogry ulanmagy öwrenmek soňky güýjüňde işlemegiňe kömek edýär.

Diňlemek

Köplenç diňleýändigimizi pikir edýäris, aslynda söz nobaty gelende aýtjak zadymyzy meýilleşdirýäris. Hakyky diňlemek diňe gürleýän adamyň näme diýýänine üns bermekdir. Diňlemek ýagdaýy aýdylan sözüň garşysyna bir zat diýmek däl-de, eýsem düşünmek bilen baglydyr. Başgaça aýdanymyzda, gulaklarymyzy hem gözlerimiz bilen deň derejede açyk saklamasak oýundan çykarylyp bileris.

“Ýok” diýmegi başarmak

“Ýok” sözi güýçli söz bolup, ony aýtmakdan çekinmeli däldir. Eger “ýok” diýmegiň wagty gelen bolsa “Başaryp bilmäýmesem” ýa-da “Ynamym ýok” ýaly söz düzümlerini ulanmaň. Täze tekliplere we haýyşlara “ýok” diýmek, öňküleriň derejesini ýokarlandyrar we olary üstünlikli tamamlamagyňa getirer. “Ýok” diýmegi öwrenen wagtyň özüňi gereksiz zulumlardan azat edersiň, şeýle hem wagtyňy we energiýaňy has peýdaly zatlara sarp edersiň

Kömek soramak

Liderleriň iň halamaýan zady utanjyndan ýa-da derejesini peseltmekden çekinip, sorag sorap bilmän ýalňyş işleri ýerine ýetirýän işgärlerdir. Kömege mätäçdigiňe göz ýetiren wagtyň ähli “batyrgaýlygyňy” bir ýere jemle we kömek sora. Berlen kömege görä hereket etmegi öwrenmek gymmatly başarnyklaryň biridir.

Ukyňy ýerlikli almak

Ýeterlik uky almadyk mahalyň beýindäki toksiki proteinler pikir ediş başarnygyňa zeper ýetirip başlaýar. Muňa kaffeýiniň islendik mukdary hem täsir etmez. Bu ýagdaý meseleleri çözmekdäki başarnygyňy haýalladýar, döredijiligi öldürýär we duýgurlygyňy artdyrýar. Ýeterlik uklamagy öwrenmek adaty şertlerde kyn ýagdaý, emma ertirki gün üçin uly peýdasy bar.

Dymmagy öwrenmek

Özüniň mamladygyny subut etmek admynyň tebigatynda bar bolsa-da täsiri az. “Gyzgalaňly” gürrüňdeşligiň dowamynda barlagdan geçmedik duýgularyň sözlere dökülmegi özüňe we gatnaşyklaryňa zeper ýetirip biler. Haçan-da öz duýgularyňy okap, olara jogap tapan wagtyň gürrüňdeşligi has akylly ýol bilen dowam etmäge ýa-da ýeri gelende ýeriňde durmaga mümkinçilik döreýär. Gysgaça, gerekli ýerinde diliňi dişlemeli.

Inisiatiwa almak

Inisiatiwa almak aňsat ýaly görünse-de iş dünýäsinde käbir kynçylyklar ýüze çykyp bilýär. “Näme edýäniňi bilmek” bilen “ony ýerine ýetirmekden gorkmak ýa-da ýaltanmagyň” arasynda uly tapawut bar. Bu ýerde inisiatiwa almak gerek. Eger uzaga gidesiň gelse, töwekgellik etmeli we özüňi rahatlyk meýdançaňdan çykarmaly.

Göwnaçyk bolmak

Töweregimizden “giňräk bol” sözüni köp eşidýäris. Göwnaçyk we giň göwünli bolmagyň öňündäki esasy mesele beýnimiziň howplara has köp üns bermegi bolup durýar. Bu mehanizma ilki durmuş jemgyýetlerinde gowy işlese-de häzirki döwürde göwni çökgünlige eltýär. Eger beýniň bu häsiýetinden baş alyp çykmak isleseň göwnaçyk galmaga dyrjaşmaly.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022