Daşary ýurt kompaniýalarynyň konsorsiumy Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär

Daşary ýurt kompaniýalarynyň konsorsiumy Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär
Hazarüsti gaz geçirijisi Hazar sebitinden Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazy ibermäge niýetlenen “Günorta gaz geçelgesiniň” ulgamyna birleşdirilip bilinýär (Surat: TAP).

Düzüminde Ýewropanyň “Edison Technologies GmbH”, “MMEC Mannesmann GmbH”, “Air Liquide Global E&C Solutions” kompaniýalary we Hytaýyň “SINOPEC Engineering Group” kompaniýasy bolan konsorsium Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagy meýilleşdirýär. Bu taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk konsorsiumyň wekilleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Myratgeldi Meredow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýew bilen geçirilen duşuşykda aýdyldy. 

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi saýtynda beýan edilmegine görä, konsorsium Hazaryň düýbünden uzynlygy 300 kilometr bolan turba geçirijisini çekmäge, gaz guýularynyň zerur sanyny ulanmaga doly taýýar edip burawlamaga, Hazarüsti turba geçirijisini arassalanan harytlyk gazy bilen üpjün etmek üçin gaz arassalaýjy zawodlaryny we gysyjy desgalary taslamalaşdyrmaga we gurmaga, şeýle hem zerur düzümi emele getirmäge taýýar.

“Edison Technologies GmbH” baş direktory Kasapogly Edison: “Konsorsiuma birleşip, biz Hazar deňziniň düýbi bilen Türkmenistandan Azerbaýjana barýan gaz geçirijisi ýaly batyrgaý taslamany durmuşa geçirip bileris” – diýip belledi.

Şeýle-de ol Ýewropa bazarynyň şu energetiki taslama gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ýewropa bileleşiginiň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýan Hazarüsti gaz geçirijisi Hazar sebitinden Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazy ibermäge niýetlenen “Günorta gaz geçelgesiniň” ulgamyna birleşdirilip bilinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022