Kerkide täze ýaşaýyş toplumy we durmuş maksatly desgalar gurulýar

Kerkide täze ýaşaýyş toplumy we durmuş maksatly desgalar gurulýar

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň administratiw merkezinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy başlandy. Ol her biri 24 öýden ybarat bolan 4 gatly jaýlardan ybarat bolar. Täze jaýlary “Ussa tirkeş” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” beýan edýär.

Binagärlik taslamasynda bu günki günüň ähli talaplary göz öňünde tutuldy. Beýik potolokly we amatly bölünen 3 we 4 otagly giň öýlerde maşgalalaryň rahat ýaşamagy üçin ähli şertler dörediler. Öýler ýokary hilli gurluşyk we bezeg materiallarynyň ulanylmagy bilen bina edilýär. Öýlere ýanaşyk çäklerde agaçlar ekiler, çagalar üçin oýnalýan we sport meýdançalar göz öňünde tutular.

Kerki şäheriniň durmuş düzümi bilen bir hatarda onuň ykdysady düzümi hem döwrebaplaşdyrylýar. Bu ýerde kuwwaty ýylda 10 müň tonna deň boljak tüwi arassalaýan we gaýtadan işleýän häzirki zaman ýokary tehnologik zawodyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Gurluşykçylar ony şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär. Ýakynda bolsa şäherde täze häzirki zaman howa menziliniň gurluşygy başlandy. Onuň gurlup ulanylmaga berilmegi sebitiň depginli ösüşine ýardam eder.