Ýurdumyzyň dowardarlary täze sürüleri döretmegiň ahyrky tapgyrynda

Ýurdumyzyň dowardarlary täze sürüleri döretmegiň ahyrky tapgyrynda
Maldarçylyk hojalyklarynda meýilnama boýunça dowarlardan alnan owlak-guzularyň ählisi ösdürime goýberildi.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Dowardarçylyk”, Görogly etrabynyň “Garagum” maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanlaryny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar.

Ady agzalan maldarçylyk hojalyklarynda üstümizdäki ýylda meýilnama boýunça dowarlardan alnan owlak-guzularyň ählisi ösdürime goýberildi. Dowardarçylykda esasy geçirilýän çäreleriň biri hem ýaş owlak-guzularyň özbaşdak, aýratyn süri edip, ene dowarlardan aýyrmakdan ybarat bolup durýar. Bu işi öz wagtynda talabalaýyk geçirmek, ýaş mallary tejribeli çopanlara berkitmek boýunça maldarçylyk hojalyklarynda ýörite toparlar döredildi.

Toparlaryň geçiren işleriniň netijesinde häzirki wagta çenli birnäçe täze tokly sürüleri döredildi. Täze tokly sürüleri üçin iň sonarly öri meýdanlar, süýji suwly guýular seçilip alyndy. 

Şu seçim möwsüminde “Dowardarçylyk” maldarçylyk hojalygynda 17, “Garagum” maldarçylyk hojalygynda 20 sany täze tokly sürülerini döretmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hojalyklarda bu işler guramaçylykly dowam etdirilip, tokly sürülerini döretmek işi ahyrky tapgyrda alnyp barylýar. Täze döredilen sürüleriň her birine öri meýdanlaryň ot örtügine we guýularyň suw berijiligine baglylykda ortaça 500-700 baş ýaş toklular berkidilýär.

Şeýle hem Mary welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary şu ýylky owlak-guzy möwsüminde önüm berýän ene goýunlardan 419 müň 735 sany sagdyn owlak-guzy alyp, olaryň hemmesini ösdürime goýberipdirler. Häzir welaýatda guzulary seçip, şolardan täze tokly sürülerini döretmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Welaýatda täze döredilýän sürüleri bakmak maldarçylyk hojalyklarynyň iň tejribeli çopanlaryna ynanylýar. Welaýatyň maldarlary şu işler bilen birlikde maldarçylykda iň bir jogapkärli döwür bolan gyş döwri üçin ätiýaçlyk meýdan otlaryny taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Maldarçylyk hojalyklarynda taýýarlanylýan ýokumly meýdan otlary mallaryň gyşladyljak örülerinde ýerleşdirilýär.