Ispaniýanyň “Ibertest” kompaniýasy “Türkmendemirýollary” bilen hyzmatdaşlyk eder

Ispaniýanyň “Ibertest” kompaniýasy “Türkmendemirýollary” bilen hyzmatdaşlyk eder
"Ibertest" “Türkmendemirýollary” agentligi üçin demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze ugurlary hödürleýär.

Ispaniýanyň “Ibertest” kompaniýasy “Türkmendemirýollary” agentligi bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyga gol çekdi.

“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen işewürler duşuşygyna gatnaşan kompaniýa Ylalaşyga laýyklykda “Türkmendemirýollary” agentligi üçin demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze ugurlary hödürleýär.

Bu taslama, esasan, demir ýol ulaglary pudagynda ulanylýan gurluşyk harytlarynyň fiziki we mehaniki barlaglaryny geçirmek üçin enjamlary öndürmäge hem-de dünýä ýurtlaryna ýaýratmaga niýetlenendir. “Ibertest” taslamasyna goşulmak bilen “Türkmendemirýollary” agentligi ozalky bar bolan desgalaryň durkuny täzelemäge hem-de bu ugry ösdürmek üçin täze barlaglary amala aşyrmaga mümkinçilik alar.

“Biz 14 sany ugur boýunça iş alyp barýarys. Şolaryň biri-de demir ýol enjamlaryny barlagdan geçirmekdir. Taslamanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly agentligiň düzüm böleklerinde alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmaga, ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge şert döreýär.

Bu taslama demir ýol ulaglary pudagynda tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem itergi berer. 50 ýyldan gowrak tejribesi bolan “Ibertest” bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.” diýip, Ispaniýanyň “Ibertest” kompaniýasynyň wekili Oskar Barrozo belledi.

Häzirki wagtda kompaniýanyň taslamalarynyň hyzmatlaryndan dünýäniň 12 ýurdunda peýdalanylýar. Şolaryň hatarynda Özbegistan, Eýran, Pakistan, Indoneziýa, Meksika, Mýanma ýaly ýurtlar bar.