Aşgabatda Aral çökgünliginiň ene we çaga saglygyna ýetirýän täsiri maslahatlaşyldy

Aşgabatda Aral çökgünliginiň ene we çaga saglygyna ýetirýän täsiri maslahatlaşyldy
Tegelek stoluň maksady Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleri boýunça geçiren baha bermeleriniň netijeleriniň görkezilmeginden ybarat boldy.

Türkmenistanyň paýtagtynda çarşenbe güni Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleri boýunça tegelek stol geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Aşgabatdaky wekilhanasy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) tarapyndan guraldy.

Tegelek stoluň maksady şu ýyl ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň TSGDSM bilen bilelikde Aral deňziniň çökgünliginiň we daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň eneleriň we çagalaryň saglyk hem-de iýmit ýagdaýlaryna ýetirýän täsirleri boýunça geçiren baha bermeleriniň netijeleriniň görkezilmeginden ybarat boldy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň baştutany Kristina Weýgand Araly halas etmek boýunça halkara tagallalar babatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseläniň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, ilkinji sebäbi sebitiň derýalarynyň gidrologik düzgüniniň üýtgemegi bilen bagly bolan Aral meselesi XX – XXI asyryň sepgidinde howply häsiýete eýe boldy we häzir dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar.

Sebitiň suw gorlarynyň oýlanyşyksyz ulanylmagy bilen emele gelen ekologiýa meselesiniň täsirleri onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine ýaramaz täsir edip, Aral deňzi sebitinde ýaşaýan köp adamyň durmuş şertleri bilen galtaşdy. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, häzir iň möhüm wezipe Aral deňziniň daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsirini peseltmekden ybarat bolup durýar.

Maslahata degişli pudak edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

2022