Daşoguz demirbeton zawodynda 8 million manatdan gowrak önüm öndürildi

Daşoguz demirbeton zawodynda 8 million manatdan gowrak önüm öndürildi
1987-nji ýylda açylan zawodyň önümçilik ulgamlaryna häzirki wagtda kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy.

“Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Daşoguz şäherindäki demirbeton zawodynda ýylyň başyndan bäri 8 million 330 müň manatlyk önüm öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,9 göterim ösüş gazanyldy.

Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanada ýokary hil derejesi bilen aýratyn tapawutlanýan hem-de ýerli gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan önümleriň 20 görnüşi öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän önümler welaýatyň dürli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary islegden peýdalanýar.

1987-nji ýylda açylan zawodyň önümçilik ulgamlaryna häzirki wagtda kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde önümleriň görnüşi hem artdy. Şu günler bu ýerde beton gurnawlary ýygnalan bölekleriň, gurluşykda atlandyrylyşy ýaly, demir-beton gurnawlarynyň birnäçe görnüşi öndürilip, gurluşyk meýdançalaryna bökdençsiz ugradylýar.

2022