Aşgabatda aýyň ahyrynda gurluşyk harytlarynyň halkara sergisi geçirilýär

Aşgabatda aýyň ahyrynda gurluşyk harytlarynyň halkara sergisi geçirilýär
“Türkmengurluşyk – 2018” halkara sergisinden

Ýerli we halkara harytlaryň görkeziljek “Türkmengurluşyk – 2019” halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat 29-31-nji awgustda geçirilýär.

Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Çarymyrat Pürçekow beren hasabatynda aýtdy.

Agzalýan çärelere 140-a golaý ýerli hem-de daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden kompaniýalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň hem-de işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde ykdysadyýetiň şu ulgamynda işleýän düzümleriň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Sergide ýurdumyzyň önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligine, şol harytlary halkara bazarynda ilerletmäge aýratyn üns berler.

Maslahatyň gün tertibine gurluşyk we binagärlik ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy meseleleri, pudagyň geljegi hem-de ykdysadyýetiň şu pudagyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meseleleri giriziler.