“Merkezi Garagum” gazkondensat känler toplumynyň “Zäkli – Derweze” gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desgasy gurlar. Bu barada Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.
Taslama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Singapuryň “GP Global Equipment Pte Ltd” kompaniýasy bilen bilelikde guruljak bu desgany 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Gurluşyk işleriniň sentýabr aýynda başlamagyna garaşylýar.
Singapur kompaniýasy bilen ylalaşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-27-nji awgustda Singapura boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda gazanyldy.
Mejlisiň dowamynda bu saparyň maksatnamasy bilen hem tanyşdyryldy. Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmen wekiliýetiniň döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürler maslahaty hem geçiriler. Maslahatda Singapuryň işewürlerini Türkmenistanda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrmak göz öňünde tutulýar.