G7 we moda kompaniýalary ekologiýany goramakda bileleşýärler

G7 we moda kompaniýalary ekologiýany goramakda bileleşýärler
Ähtnama 32 sany kompaniýa, şol sanda Adidas hem gol goýdy.

Dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän meşhur moda we geýim-gejim kompaniýalary daşky gurşawy goramak boýunça ähtnama gol çekişdiler. Olar bu resminamany şu hepde Fransiýada geçirilýän G7 ýygnagynda dünýä liderlerine hödürleýärler.

Ähtnama 32 sany kompaniýa, şol sanda Adidas, Chanel, Ermenegildo Zegna, Giorgio Armani, Gucci, Nike, Prada, Puma we Zara hem gol goýdy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Amazonda bolup geçýän ýangynlaryň G7 duşuşygynyň gün tertibiniň esasy mowzugy boljakdygyny aýdyp, bu hadysalary "halkara çökgünlik" hökmünde häsiýetlendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş hem bu ýangynlar boýunça alada bildirdi.

Geçen hepde bu kompaniýalaryň wekilleri Makron bilen duşuşyp, tokaýlary goramak we plastikanyň azyrak ulanylmagyny gazanmak üçin täze tärlerden peýdalanjakdyklaryny aýtdylar.

G7 toparyna ABŞ, Britaniýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Kanada, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi we Ýewropa Komissiýasy girýär. Olaryň liderleri daşky gurşawdan başlap ykdysadyýete çenli ähli ugurlar boýunça bilelikde maslahat etmek üçin ýylda bir gezek duşuşyk geçirýärler