Gökdepäniň gön zawody taslama kuwwatynyň 87 göterimine ýetdi

Gökdepäniň gön zawody taslama kuwwatynyň 87 göterimine ýetdi

Gökdepäniň gön zawodynyň bir ýylda eýleýän sygyr derileriniň sany 17 müň 900-e, dowar derileriniň sany bolsa 21 müň 600-e ýetdi. Bu görkeziji zawodyň ýyllyk taslama kuwwatynyň 87 göterimine deň bolan zawodda 46 hünärmen zähmet çekýär. 

Etrap merkezinden 8-10 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän zawod ýakynyndaky “Türkmenistan” daýhan birleşiginden Söýünmyrat Rejebowyň başarnygy bilen dikeldildi.

Gökdepe gön zawodynyň direktory Hajymyrat Ataballyýew ugurdaş önümleri çykarmaga hem şowly girişilendigini aýtdy. Ol düýe ýüňünden ýorgan tikip, eden synanyşygynyň şowuna düşendigini belledi we munuň üçin pagta süýümini daraýan enjamyň ýeterlik bolandygyny mälim etdi.

Gaýyş guşagy ýasamakda ýola goýan iş usullary barada maglumat beren Hajymyrat Ataballyýew teletinden şypbyk, gön gyýkyndylaryna çenli ulanyp, açarbagy ýaly, dürli sowgatlyk önümleri çykaryp, zawodyň brendine öwrülmegi ugrunda netijeli işlenilýändigini aýtdy.

2022