Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura döwlet sapary başlanýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapura döwlet sapary başlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura iki günlük döwlet sapary şu gün başlanýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň awgust aýynyň 23-ne geçirilen mejlisinde bu döwlet saparynyň degişli maksatnamasy barada hasabat beren Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürler maslahaty geçiriler, şeýle hem şol ýerde duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdyrylar.

Işewürler maslahatyna Singapuryň nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalyk hem-de azyk senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallaryny, senagat enjamlaryny öndürýän hem-de gämi gurluşyk kompaniýalarynyň, ulag we aragatnaşyk, söwda hem-de bank ulgamlarynda iş alyp barýan, elektron programma üpjünçiligini we inženerçilik hyzmatlaryny amala aşyrýan kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan tarapyndan degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Forumyň barşynda singapur tarapy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, söwda we maýa goýum syýasaty bilen tanyşdyrylar. Aragatnaşyk, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda sanly ykdysadyýete geçmegi, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligini öwrenmek, Singapuryň işewürlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çagyrmak göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda ýola goýuldy. 2019-njy ýylyň iýun aýynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatda Singapur Respublikasy Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022